Biz barada

Gysgaça biz barada

2004-nji ýylda söwda işine başlan Gyrat şereketimiz, şol ýyldan başlap “LG Elektronics Co.Ltd Turkmenistan Monitor” hem-de kompýuter enjamlarynyň ýurdumyz boýunja şahamçasy bolandyr. Işine başlan gününden häzirki güne çenli satyşyň we hyzmatyň hilini ýokary dereje saklap, müşterileriň göwnünden turmaklygy göz öňünde tutandyr. Döredilenden bäri dürli ugurlarda söwda işlerini amala aşyrýar.

Wezipämiz

Şereketimiziň esasy gymmatlygyny saklap, Gyrat şereketi hökmünde sarp edijileriň ulanyş isleglerine hem-de ýerleşýän ýerlerine görä enjamlarymyzy size hödürlemekden uly buýsanç duýýarys.

Garaýşymyz

Gyrat şereketi döredilen gününden häzirki güne çenli iň oňat hilli önümleri iň amatly bahany, iň ýokary hyzmaty sarp edijilere hödürlemegi özüne ýörelge edinýär. Siziň gyzyklanyşyňyz we ynamyňyz bilen her gün has-da ulalyp, bu pudakdaky ýerimizi pugta berkitmek isleýäris. Esasy maksadymyz bolsa şereketimizi halkara derejesine ýetmekdir.

Gymmatlarymyz

Önümlerimizi we hyzmatlarymyzy müşderilerimize dürs hem-de ynam döretmek bilen hödürleýäris. Işimize degişli ýüze çykyp biljek her dürli meseleleriňize çözgüt hödürlemek üçin terjribeli işgärlerimiz, görkeziş otagymyzda buýruklaryňyza taýýar bolarlar.

Müşderini kanagatlandyrma

Müşderini kanagatlandyrmagyň esasy wezipämizdigini bilýäris. Bu ugurda işgärlerimiz ähli mümkinçilikleri bilen size güler ýüz görkezip, hyzmat etmäge taýýardyrlar.

Işgärlerimiziň höwesi

Işgärlerimiziň nogsansyz hyzmat edip bilmekleri üçin gerekli şertleri döretmek bilen, bir maşgala deýin sylag-hormat içinde işläp, elimizden gelýän ähli işleriň iň gowusyny size hödürlemekden uly begenç duýarys.

Ýokary hile çemeleşmegimiz

Şereketimiziň abraýyny goramagy we ykdysadyýetdäki ähmiýetini artdyryp bilmegi üçin iň möhüm üstünlik hökmünde hiliň oňatlygyny, şereketimiziň dürslügini, işgärlerimiziň arasyndaky sylag we hormaty esasy orunda goýýarys.

Töweregimize we halka sylag

Adama, tebigata hem-de daş-töweregimize uly hormat goýup, jemgyýete oňat hyzmat etmek arkaly öz goşandymyzy goşýarys.